logo

Latest news:
✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Culture /Taryhy-medeni mirasyň ösen mekany
  06.03.2023
753
Taryhy-medeni mirasyň ösen mekany

Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ylmy esasda içgin öwrenilýär. Türkmenistan diýarymyz tebigy ýadygärliklere we gadymyýetiň taryhy ýadygärliklerine örän baý mekandyr. Taryhda şöhratlanan Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Nusaý galalar toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň çäginde ilkinji bolup dünýä ähmiýetli taryhy ýadygärlik bolan Gadymy Merw 1999-njy ýylda bu abraýly sanawdan orun aldy. Bu taryhy ýadygärligi gorap saklamak boýunça degişli işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmen-seljuk döwletiniň iň meşhur soltanlarynyň biri bolan Soltan Sanjaryň kümmeti hem diňe bir täsin orta asyr arhitektura-binagärlik ýadygärligi bolman, eýsem, ol gadymy türkmen döwlet durmuşynyň özboluşly nyşanydyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna öz baý arhitektura ýadygärlikleri bilen 2005-nji ýylda girizilen Gadymy Köneürgenjiň medeni gurşawyny ösdürmek we bu arhitektura ýadygärlikleri dikeltmek boýunça geçirilen işler bellenmäge mynasypdyr. 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hataryna goşulan türkmenleriň beýik Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty bolan Nusaý galasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna aýratyn goşan goşandydyr. Şol sanawa ýene Änew medeniýetini, gadymy Dehistany, Köýtendagyň täsin gowaklary, Bathyz goraghanasy, Garagum sährasy ýaly ýerleriň atlaryny goşmak bolar.

Dürli tebigy hadysalardan, daşky gurşawa amatsyz şertlerinden tebigy hem taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamak maksady bilen ýurdumyzyň köpsanly taryhy-medeni mirasyň desgalarynda rejeleýiş işleri yzygider alnyp barylýar. Häzirki wagtda umumadamzat gymmatlyklary bolan bu taryhy-medeni ýadygärliklerimize döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýen derejäniň berilmegi halkymyzyň öz taryhyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Olary nesilden-nesillere geçirmek, aýawly gorap saklamak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

 

Safiýa HAMRAKULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.