logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebi gurulýar
  19.09.2023
1427
Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebi gurulýar

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Duşenbe sammitleriniň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky, sebit gatnaşyklarynyň has hem berkemegine ýol açdy.

 


Hormatly Prezidentimiz 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda, Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan meseleler dogrusynda agzap geçdi. 

 


Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasyndaky döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamyň ösdürilmegi, energetika, ulag-logistika pudagynda şeýle-de oba hojalygynda we birnäçe möhüm pudaklaryň ösdürilmegi halkalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem kämilleşmegine itergi berer.

 


Bilim ulgamynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň nyşany hökmünde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurulmagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän bu mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäginde geçirilipdi.


Maýsa ÇARYÝEWA,
DATMDDI-niň ýewropa dilleri
we edebiýaty fakultetiniň
Fransuz dili hünäriniň
III ýyl talyby.