logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
  24.11.2022
1001
Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabara täjik milli tanslary bilen açyldy. Bu ýere gelen myhmanlara täjik halwasy, milli orzuk tagamlary hödür edildi. Köşgüň eýwanynda bolsa nakgaşlyk eserleriniň sergisi görkezildi.

Dabaranyň dowamynda, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministrleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze derejesi barada nygtap, iki halkyň medeniýetiniň ýakyndygyna üns çekdiler.

Soňra sahnanyň uly ekranynda Duşenbe şäheriniň gözel künjekleri, ýurduň dag-dereleri, derýalary, medeniýeti, ilatynyň durmuşy görkezildi. Dabara täjik aýdym-saz sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserleri, täjik sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlary, folklor tanslary bilen dowam etdirildi. Täjik sungat ussatlarynyň birnäçe aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirmekleri tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Gatnaşyjylaryň täjik sazlarynyň ritmine goşulyp el çarpyşmalary konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy.