Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦ ✦ Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şygyrlary pähim-paýhas ummany
  22.04.2023
1077
Şygyrlary pähim-paýhas ummany

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, baý edebi mirasyny, edebiýatyny, sungatyny, milli medeniýetini ylmy esasda öwrenmeklige, dünýä ýaýmaklyga, ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmeklige giň ýol açylýar. Geçmiş taryhymyzda yz galdyran beýik şahsyýetlerimize, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň belent döredijiligine uly sarpa goýulýar we ylmy esasda öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen medeniýetine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr ýazyjylarymyzyň, alymlarymyzyň mirasy içgin öwrenilýär. Gymmaty hiç wagt egsilmejek eserleri, şygyrlary bize miras goýan beýik ussatlaryň biri-de türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragydyr. Şahyryň döredijiligi umman ýaly çuň, manyly, ýokary çeperçilige eýedir. Bu gymmatly eserler şu günki ýaşlary terbiýelemekde, olara milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak beýik mekdepdir. Beýik söz ussady öz şygyrlarynda ata Watana bolan çäksiz söýgini, zähmetsöýerligi, ynsanperwerligi, birek-birege sylag-sarpany, watansöýüjiligi, mertligi, adamkärçiligi, ylym-bilim almaklygy çeper beýan edipdir. Akyldar şahyryň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna uly goşant goşan, gymmatly ruhy baýlykdyr. Onuň paýhasly setirlerinde öňe sürülýän manyly pikirler, beýan edilýän asylly häsiýetler uly edep-terbiýe ýoluny döredýär. Häzirki wagtda beýik Pyragynyň goşgularyny beýleki halklar hem öz dillerinde okap bilýärler, çünki bu ajaýyp şygyrlar dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi we kitap bolup çapdan çykdy. Şahyryň goşgulary asyrlaryň dowamynda halk içinde dilden-dile geçip gelipdir, belent heňli aýdymlara eýlenipdir. Merdi-merdanalygy, asylly gylyk-häsiýeti, il-güne, eziz Watana wepalylygy wasp edýän goşgy setirleri nesil terbiýesinde aýratyn orna eýedir. Çünki akyldar şahyr, türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgudyr şygyrlary aňymyzda we kalbymyzda müdimi ýaşajak paýhas ummany hem ruhy gymmatlykdyr. 

 

Ogultäç AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.