logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Şygryýet şalygynyň hökümdary
  29.05.2023
897
Şygryýet şalygynyň hökümdary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

« - Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi.»
 

Ajaýyp we taýsyz sözüň muşdaklary Magtymgulyny herdaýym küýseýärler, ýürekleri joşup onuň goşgularyny okaýarlar. Magtymgulynyň şygyrlaryny okamadyk, ol goşgularyň maňzyna ýetmedik we olary ömrüne pent edinmedik adam diňe utulýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň aň-paýhas, köňül kitabyna öwrülen eserleri her bir halk üçin-de durmuş şamçyragydyr.

Akyldar şahyryň dö­re­di­ji­li­gi paý­has um­ma­ny­ny ýa­da sal­ýar. Onuň goş­gu­la­ryn­da çuň­ňur ma­ny bar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy hal­ky­myzyň ru­hy gym­mat­ly­gy­nyň, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Üç ýüz ýy­la go­laý mun­dan ozal dö­re­di­len eser­ler hä­zir­ki dö­wür­de hem öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýär. Olar dün­ýä halk­la­ry­nyň dil­le­rin­de ýaň­lan­ýar hem-de yn­san kal­byn­da aja­ýyp duý­gu­la­ry oýar­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, ag­zy­bir­lik, il-ýurt ha­kyn­da­ky şy­gyr­lar has-da gör­nük­li or­ny eýe­le­ýär. Ol öz ýur­du­ny, hal­ky­ny ýü­rek­den sö­ýüp­dir hem-de türk­me­niň ber­ka­rar döw­let gu­rup, ag­zy­bir­lik­de, asu­da­lyk­da, je­bis­lik­de ra­hat ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw edip­dir.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir. 

 

Arzygül ŞAMYRADOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.