logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /Şygryýet äleminiň merjeni
  12.06.2023
515
Şygryýet äleminiň merjeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli medeniýetimize, edebiýatymyza belent sarpa goýulýar. Döwürleriň hem köňülleriň şahyry, edebiýatyň öçmejek çyragy bolan türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä hem adamzat gymmatlyklarynyň altyn açarydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülmegi, şahyryň şygryýet gününiň ýurdumyzda giňden baýram edilmegi akyldar şahyra goýulýan çuňňur sarpadan nyşandyr. Magtymguly Pyragy hem türkmen halkynyň nusgawy şahyrydyr. Ol barada döredilen kinofilmler, ýazylan eserler onuň döredijiliginiň tutuş adamzat jemgyýetindäki eýeleýän derejesiniň ýokary ölçegi bolup çykyş edýär. Bütindünýä ady dolan türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözelligiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanýan nusgawy şahyryň eserleri hiç wagt gymmaty egsilmejek hazynadyr. Çünki şahyryň döredijiliginiň düýp özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden öz gözbaşyny alýar. Pyragynyň goşgy setirlerinde merdana pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen gymmatly jümleler şöhlelenýär. Şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýüreklerde baky öçmejek mukaddeslik bolup kalplara dolýar. Şahyryň döredijilik älemi watançylyk, ahlaklylyk, öwüt-nesihat, mertlik, namartlyk, söýgi temasynda we başga-da durmuş meselelerine bagyşlanan goşgulara baý. Şygryýet äleminiň ussady beýik akyldaryň paýhasly goşgularyndaky çuňňur pelsepewi pikirler ähli döwürlere nusgalykdyr. Onuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik, edep-terbiýe, geljege bolan ymtylyşy, ylym-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir.  Beýik Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky eden tagallasydyr, köňül telwasydyr. Şahyryň döredijiligi ata Watana, mähriban halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepewi pikirlerini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler. Halkara derejesindäki ýokary guramaçylykly geçiriljek bu çäräniň dowamynda dürli medeni duşuşyklaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet-portaly döretmek maksat edilýär. Bu bolsa, şahyryň döredijiliginiň umumadamzat üçin ähmiýetiniň ýokarydygynyň, ýaşlary asylly işlere, täze hem belent maksatlara ruhlandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Malike HALMURADOWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar 
bakja-bagynyň terbiýeçisi.