Suwarymly ekerançylykda ekin dolanyşygy hasyllylygyň hemtaraplaýyň ösmegini upjün etmelidir hem-de aşakdaky talaplary ödemelidir:
- Gowaçaly meýdanlaryň möçberleriňiň köp bolmagyňy yzygiderli üpjün edip durmaly;
- Ekin dolanyşygyňyň ähli aýlawlaryňyň dowamyňda topragyň mesligiňi birsydyrgyň ýokarlandyryp durmaly;
- Maldarçylyk üçiň dürli görnüşli bol ot-iym ätiýaçlygyňy döretmeli;
- Ekin ýerleriňiň her gektaryňdan oba hojalyk önümleriňiň köp öndürilmegiňi üpjün etmeli;
Bu wezipeleriň ýeriňe ýetirilmegi suwarymly ýerleriň dogry peýdalanylmagyňyň hasabyňa gazanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyňa baglylykda ekin dolanyşygyňyň ulgamyňda gowaçanyň tutýan meýdany dürli derejede bolup biler. Munun üçiň ekin dolanyşygyňa hojalygyň her biriňde onuň tebigy aýratyňlyklaryňa hem-de ykdysady mümkiňçilikleriňe baglylykda, meýdanlaryň her gektaryňdan ot-iym birligiňiň has köp mukdaryňyň alyňmagyňy üpjün edip biljek ekinler seçilip alyňýar. Önümçilige ekerançylygyň ýokary medeniýetiňi ornaşdyrmak, esasan-da, oba hojalyk ekinleriňiň ählisinden durnukly ýokary hasyl almagy gazanmak bolar. Ekin dolanyşygynyň ulgamynda her gektar ýerden hasap edilen zähmet birligine önümiň ýokary mukdaryny öndürmek göz öňünde tutulýar. Muny diňe ekin dolanyşygy dogry gurnalsa we özleşdirilse gazanyp bolar. Ekerançylyk ulgamy önümiň iň ýokary mukdaryny almaga, ýerleri has oňat peýdalanmaga, topragyň mesligini ýokarlandyrmaga laýyk gelmelidir. Ekin dolanyşygy ekerançylyk ulgamynyň esasydyr. Ekin dolanyşygynyň esasy maksady topragyň mesligini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Oba hojalyk ekinleriniň her biri hem birnäçe ýyl geçenden soň şol oňki ekilen meýdanyna ýene-de ekilse, onuň ýagdaýy oňatlaşýar, hasyly artýar. Munuň özi ekinleri meýdanlara dogry gezekleşdirip ekmek, topragy bejermek hem-de dökünleriň dogry ulgamyny ekin dolanyşygy bilen baglanyşykly beýleki çäreleri utgaşdyryp berjaý etmek arkaly gazanylýar.
Ýorunjanyň güyçli ösen şahaly köki bolýar. Onuň gapdal kökleri topragyň ýokarky gatlagynda ýerleşýär. Çüyrände toprakda köküň orny galýar. Suw tutulanda şol kökjagazlarynyň yzy bilen ol duzlary eredip ýuwýar. Alymlaryň pikirleriňe göra, ylmy-barlaglaryň netijesiňde 3 ýyllyk ýorunja her gektarda topragyň 20-25 sm gatlagynda 15 tonna çenli çüyrüntgi toplaýar. Ýorunja sürlenden soň 2-3 ýylyň dowamynda gowaça ekilen meýdanlaryň suwa bolan talabyny azaldýar, toprak çüyrüntgä baý bolany üçin onda ýylylyk uzak wagtlap saklanýar. Her ýylda suwun tutulyşyny 800 m3-e çenli tygşytlaýar, hasyllylyk her gektarda 5-7 sentnere çenli artýar.
Mahym MERETDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.