Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Akyl ösüşine türkmen oýunlarynyň täsiri ✦ ✦ Türkmen tälimçisiniň halkara şöhraty ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleri çalşyryp ekmegiň ähmiýeti ✦ ✦ Möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň telekeçileri ýörite ýokary okuw mekdebinde bilim alarlar ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti halkara okuw maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Ýurdumyzyň çagalar baglarynda çagalaryň saglygy barada alada ✦ ✦ Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni ✦ ✦ Saglyk — durmuşyň gymmaty ✦ ✦ Türkmen sportuna belent sarpa ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Sudan otunyň oba hojalygyndaky ähmiýeti
  07.11.2024
82
Sudan otunyň oba hojalygyndaky ähmiýeti

Sudan oty – ot-iýmlik ekinleriň bir görnüşi bolup, esasan, oba hojalygynda mallar üçin bede we gök massa almakda ulanylýar. Biziň ýurdumyzda sudan otunyň ýokary hasylyny almak üçin ýokary agrotehniki çäreler öz wagtynda geçirilýär. Sudan oty ýyllyk iýmlik ekinleriň arasynda bede üçin ýokary hasylly ekinleriň biri bolup, her gektardan 50-100 sentner aralygynda bede bermäge ukyplydyr. Mysal üçin, Russiýanyň käbir sebitlerindäki oňat toprakly şertlerde her ýyl 379 sentnere çenli gök massa alnan ýagdaýlary bar.

 

Sudan otuny başga ekinler, meselem, çina ýaly ekinler bilen garyşdyryp ekmek, hasyllylygy ýokarlandyrýar. Şeýle usulda, üç ýylyň dowamynda her gektardan 260 sentnere çenli gök massa almak mümkin. Bu ekin ösdürip ýetişdirmek tejribeleri ylmy barlag institutlarynda ylmy taýdan barlanyp, önümçilige ornaşdyrylypdyr.

 

Sudan otunyň bedesi oba hojalyk mallary üçin möhüm iýmdir. Ol 8-10% belok, 1 kilogram gök massada bolsa 65-80 mg karotin saklaýar. Şeýle hem, siňdirişi gowy proteýn 60,8%, ýag 45,7%, kleçatka (tol) bolsa 69,1%-e ýetýär. Bu hili aýratynlyklar sudan otuny oba hojalygynda ýokary bahalandyrylan ekinleriň birine öwürýär. Biziň ýurdumyzda hem sudan otuny ösdürip ýetişdirmekde ýokary hasyl almak üçin häzirki zaman ylmy tehnologiýalara we toprak-howa şertlerine laýyk agrotehniki usullara üns berilýär. Bu, oba hojalygymyzyň azyk howpsuzlygyny we mallar üçin iýmit üpjünçiligini berkidýär.

Enejan Saryýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.