logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Sport - sagdynlygyň gözbaşy
  11.04.2024
741
Sport - sagdynlygyň gözbaşy

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan ata Watanymyzda ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär.

 

Bedenterbiýäniň we sportuň hak howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdymyzyň sport ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulyp ulanylmaga berilýän dürli sport desgalarynyň, sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Dost-doganlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimiz iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.

 

Ezber türkmen türgenleri dünýä derejesinde geçirilýän sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp ata Watanymyzyň baýdagyny belende galdyrýarlar. Sportuň dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biri hem woleýbol oýnudyr.

 

Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Wladimer GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň
Klınıkı Farmakalogiýa okuwly gospıtal terapıýa
kafedrasynyň dosenti.