logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Sport - sagdynlygyň gözbaşy
  01.04.2024
771
Sport - sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda sporty ösdürmeklige, sagdyn durmuş ýörelgelerini köpçülikleýin alyp barmaklyga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. 

 

Eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän sebit we halkara ýaryşlary dünýäniň nazaryny özüne çekýär. 2024-nji ýylyň 1-nji  aprelinden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ilkinji gezek geçirilýän ýaryşlaryň badalga almagy hem ýaşlarda sagdyn endikleriň kemala gelmegini gazanmakdan baratdyr. «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» ady bilen geçirilýän bu ýaryşlar 6-njy aprele çenli dowam eder.

 

Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşine degişli bolup, ýaryşýan türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hem hereketli, hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşmeli. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň goşulmagyndan dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

 

Bu özboluşly sport beden taýýarlygyny talap edýän hereketli, adaty sport oýny bilen kibersportuň, ylmyň we tehnologiýanyň utgaşmagyndan dörän täze bir sport görnüşidir.

 

Serdar GOÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.