logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Sport - sagdynlygyň gözbaşy
  08.12.2023
890
Sport - sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta berilýän üns-aladalaryň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar türkmen sportynyň altyn sahypalaryny şanly ýeňişleri bilen bezeýärler.

 

 

Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iri sport ýaryşlaryna gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjak türgenleri, hünärmenleri taýýarlamaga döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär. Şolaryň çäklerinde bu ulgama degişli milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşýär. Ata Watanymyz häzirki wagtda halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Dünýä ýüzünde ýurdumyzda sportuň pajarlap ösmegi ugrunda döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berilýär.

 

 

Mälim bolşy ýaly, bagtyýarlygyň gözbaşy bolan sagdynlyk bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmakdan gözbaş alyp gaýdýar. Bu ugurda türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryna berk eýerýärler. Ýaş nesiller üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän sport desgalarynyň sany barha artýar.  Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar özleri hakyndaky aladany her ädimde duýup ýaşaýarlar. Şeýle aladalara mynasyp jogap edip olar halakara sport ýaryşlarynda Türkmen Tuguny belentde parladýarlar.

 

 

Nurgözel HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.