logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Sports /Sport mekdepleri
  19.10.2019
1815
Sport mekdepleri

      Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhammedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň-eziz Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň we onyň barha kuwwatlanmagynyň, ýyrdymyzyň durmuşynyň özgerdilmegi babatda döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň öňde durýan wezipelerine degişli ajaýyp ideýalary öňe sürýär. Halkyň saglygyny gorap saklamak, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin irginsiz aladalar edilýär.

     Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iki sany dünýä  ülňülerine gabat gelýän sport mekdebi işleýär. Onda etrabyň mekdep okuwçlyary we etrabyň ýaşaýjylary öz saglayklaryny dikletmek we bedenlerini taplamak üçin türgenleşik çärelerini geçýärler. Sport mekdebine kiçi ýaşly çagalar hem gatnaýarlar. Çagalaryň, mekdep okuwçylaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlary geçirýärler. Ýaryşlarda tapawutlanýan türgenler welaýat derjesinde, döwlet derjesinde geçirilýän çärelere gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Mekdep okuwçylary sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýärlar. Muňa okuwçylaryň dürli ýaryşlardan alyp gelýän medallary we tapawutlanan diplomlary şaýatlyk edýär.

         Şeýle çäreleriň mazmuny ýaş neslimiziň ruhy-ahläk we aň, beden taýdan ösüşini gazanmaga bagyşlanyp, olary hemme taraplaýyn sazzlaşykly ösdürmekden, döwrebap terbiýelemkden, ýokary derejede bilim bermekden, netejide, jemgiýetimiziň we döwletimiziň edýän uly aladalaryna mynasyp jogap berýän nesil ýetişdirmekden ybaratdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli durmuş ulgamynyň hemme taraplaýyn gülläp ösmeginde, ata-Watanymyzyň ösüşleriniň täze belentliklere ýetirilmeginde we  ýaş nesiliň döwrebäp kemala getirlmeginde gazanylýan ajaýyp üstünliklerine badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat, alyp barýan il ýurt bähbitli tutumly işlerinde elmadyma rowaçlyklar ýar bolsun!