logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Söz ussadyna sarpa
  06.02.2023
1246
Söz ussadyna sarpa

Türkmen edebiýatynda özüniň şahyrana döredijiligi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dünýäniň halklary uly sarpa goýýar. Goňşy Özbegistan döwletinde hem türkmen şahyrynyň hormatyna birnäçe ýadygärlikler bina edildi. Özbegistanyň iki şäherinde Daşkentde we Hywada türkmeniň akyldar şahyrynyň ýadygärligi ýerleşýär.

2017-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki Magtymgulynyň ady dakylan köçede türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Magtymgulynyň okap, bilim alan, «Gözel Şirgazy» diýip waspyny ýetiren medresesiniň ýerleşýän şäherindäki, ýagny Hywadaky Magtymgulynyň ýadygärligi bolsa baryp-ha 1996-njy ýylda açylypdy. Özbegistanyň paýtagtynda 2018-nji ýylda açylan «Aşgabat» seýilgähi iki dostlukly döwletiň mizemez dostlugynyň nyşany bolup, daşkentlileriň we şähere gelýän myhmanlaryň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi.

Merjen şäherimiz Aşgabadyň gözel seýilgählerinde medeniýetli dynç almak, seýil etmek üçin ähli şertler döredilen. Olar, esasan hem, dynç günleri köp adamly bolýar. Ynha, şeýle ajaýyp seýilgähleriň biri-de paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdirilen seýilgähidir.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň heýkeli bu ýerde 1971-nji ýylda bina edilýär. Indi ýarym asyr bäri paýtagtymyza görk berip gelýän heýkeliň taslamasy üçin arhitektorlar W.N.Wysotiniň, W.G.Kutumowyň we heýkeltaraş W.G.Popowyň işleri peýdalanylýar. Heýkeli ýasamak üçin gerek bolan daşlar Ermenistan Respublikasyndaky Ararat dagyndan getirilipdir. Seýilgähiň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 

 

Ogulboldy ARSLANOWA,

Darganata etrabyndaky 13-nji 
ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 
Türkmen dili we edebiýaty mugallymy.