logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Söz ussadyna belent sarpa
  21.02.2023
900
Söz ussadyna belent sarpa

Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar.

Beýik akyldaryň ýürekden ýürege barýan, häzirki zamanyň adamlarynyň oý-pikirlerine we dünýägaraýyşlaryna laýyk gelýän, adamzadyň ýagşy duýgularyny oýaryp, akyl ummanyna ugrukdyrýan müdimi ideýalara bagyşlanan şygryýet çemeni dünýä möçberindäki ruhy medeniýetiň gymmatlyklaryna goşuldy. Öňdengörüji dana Pyragy Gündogaryň hem-de ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň ruhy halypasy bolup, onuň paýhas dürdänesi, mähire we söýgä ýugrulan şygyrlary hemmeleriň nusgalyk mekdebine öwrülýär.

Ussat pederi, beýik halypasy Döwletmämmet Azadynyň: «Baýlyklaryň baýlygy — parasat, miraslaryň iň gymmatlysy edep-terbiýe, gedaýlygyň gedaýlygy — nadanlyk» diýen öwüt-nesihatlaryna eýeren hem-de pikirlerini dowam etdiren Magtymguly döwletlilik hakyndaky pikirleri, adamzat bähbitli oýlanmalary, öz zamanasynyň ruhy-ahlak gatnaşyklaryny çeperçilikli özleşdirip, ýaşan döwrüne we geljege hakyky watançylyk gözi bilen garapdyr. Onuň durmuşynyň many-mazmunynda, baş maksadynda we döredijilik zehininiň özeninde ata Watan we onuň asudalygy, milli döwletlilik we onuň özygtyýarlylygy, ynsan we onuň terbiýesi baradaky aladalar esasy orun tutupdyr. Ol özüniň öňe süren gymmatly syýasy-jemgyýetçilik, filosofik, ynsanperwerlik, edep-ahlak garaýyşlarynda ynsan beýikligini, onuň häsiýetiniň aýratynlyklaryny, daş-töweregini gurşap alan jemgyýet bilen baglanyşygyny gaýtalanmajak goşgy setirleriň üsti bilen dogruçyl açyp görkezipdir. Watançy şahyr erkin jemgyýetiň, adalatly döwletiň bar ýerinde adama mahsus ynsanperwerligiň, deňhukuklylygyň, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň, ähli ýagşylyklaryň, päkize duýgularyň we ahlak kadalarynyň höküm sürjekdigini, bagtyýarlygyň mümkin boljakdygyny ündäpdir. 

 

Aýgül BERDIGYLYJOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.