Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan Rowaçlygyň Watany” ýylynda eziz diýarymyz gözel Türkmenistan watanymyzda harby bölümde çagyryş boýunça harby gulluk möhletlerini tamamlan harby gullukçylarymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hataryndan dabaraly ýagdaýda boşadylyp öz maşgala ojaklaryna iberilýär. Ätiýaja boşadylýan çagyryş boýunça harby gullukçylaryň her biri ýurdumyzyň kanunçylygynda bellenen möhletde we tertipde watan öňündäki ogulluk borçlaryny berjaý eden döwründe Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň watan goragçysy bolmak bagtyna buýsanyp, harby gulluk durmuşlarynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylary üçin edýän bimöçber aladalaryny duýup we bu aladalardan ruhlanyp gulluk edendiklerini aýdyp munuň üçin Belent Serkerdebaşymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bidirдилер. Bu esger ýigitlerimiziň harby gullugyny tamamlap, gullukdan soňky durmuşlarynda hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjakdyklaryna, seyle-de olaryň bu ynamy ödejekdigine harby gulluklaryny geçen döwürlerinde watansöýüjilik, zähmetsöýer, dogruçyllyk we hyjuwlylyk ýaly häsiýetleriniň bardygy kepil geçýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň „Harby gulluk tamamlansa hem Watana gulluk tamamlanmaýar, şonuň üçin-de esger hakyky Watan ogly bolmalydyr“ diýen pähimlerine eýerip, harby gulluk tamamlanandan soň hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, öz raýatlyk borjuňyzy päk ýürekden berjaý edip hakyky Watan ogly bolup ýetişjekdigiňize ynanýarys.
Şeýle şatlykly pursady başdan geçirýän çagyryş boýunça harby gullukçylary Watan öňündäki konustitusion borчларыны birkemsiz berjaý edip, Ýaragly Güýçleriň hataryndan ätiýaja boşadylýandyкларына begenчлериниiň çägi ýok. Yagny, çagyryş boýunça harby gulluk möhletlerini tamamlan harby gullukçylarymyz Milli goşunmyzyň hatarynda harby gulluk borçlaryны hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylary üçin edýän bimöçber aladalaryny duýup we bu aladalardan ruhlanyp gulluk etdiлер. Munuň üçin олар Hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bidirdiler. Harby gullugy geçen döwründe оlary mukaddes harby borja uly höwes bilen garamaklaryna, harby kasama ygrarly, wepaly bolmaкларына itergi beren ruhlandyran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby gulluk hem-de Watan goragçylary hakynda aýdýan parasatly sözleri, berýän öwüt ündewleri hem-de watançylyk sargytlary boldy.
Goy, harby gullukçylarymyz Watan goragçylaryмыз üçin bimöçber alada edýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny beýik biribardan dileg edýäris.