logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Seýrek duş gelýän gadymy altyn teňňe muzeýe tabşyryldy
  14.02.2023
1856
Seýrek duş gelýän gadymy altyn teňňe muzeýe tabşyryldy

Golaýda, Mary welaýatynyň taryha baý ýerlerinden has irki döwürlere degişli diýlip çaklanylýan gadymy altyn teňňe tapyldy. Seýrek duş gelýän bu gymmatlyk Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Döwlet mähekleýiş edarasynyň hünärmenler toparynyň geçiren seljerme-delilnamasyna görä, ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyk sary reňkli, metal görnüşli altyndan bolup, onuň iki tarapynda-da ýazgylar bar.

Altyn teňňäniň agramy 4,25 grama barabar bolup, ol VII — X asyrlarda öndürilen diýlip çaklanylýar. Bu taryhy tapyndy Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, bu ýerde ozalky bar bolan gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi.

Gadymy Merw ýadygärlikleriniň çäginde ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyk diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä medeniýetiniň we taryhynyň genji-hazynasyna goşant bolan gymmatlykdyr. Munuň özi taryhy köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan Gadymy Merwde irki döwürlerde ylmyň, senetçiligiň, zergärçiligiň we söwda gatnaşyklarynyň ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze tapylan numizmatika gymmatlygy türkmen halkynyň taryhyny ylmy esasda öwrenmekde, muzeýiň hazynasyny has-da baýlaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.