logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Syýasat /Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi
  28.03.2026
667
Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahata Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Seulda akkreditirlenen diplomatlar, professorlar, talyplar hem-de türkmen ýaşlary gatnaşdylar.

 

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini we BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi.

 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby tanyşdyryldy.

 

Maslahatda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda ylym-bilim we syýasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi, şeýle-de “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çäräniň dowamynda türkmen milli amaly-haşam sungatynyň sergisi guralyp, myhmanlara milli tagamlar hödürlendi.

 

Muhammet ILMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.