Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen kinosynyň wekilleri Ankara şäherinde geçirilen halkara medeni dabarada sylaglandy ✦ ✦ Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady ✦ ✦ Indoneziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi resmi wezipesine girişdi ✦ ✦ Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Serdar Berdimuhamedow Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyldy
  15.03.2022
1351
Serdar Berdimuhamedow Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyldy

12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi. 

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň gelen netijesine görä:

Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 %;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;

«Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 % ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.