logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
  24.08.2022
942
Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

23-nji awgustda irden, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

 

 

Serdar Berdimuhamedow uçuşynyň dowamynda şäheriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berdi.

 

 

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda ilki bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezini, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerini, Halkara newrologiýa hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň ýanaşyk ýerlerini, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezini, Aşgabadyň günorta künjegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, “Daşkent” dynç alyş seýilgähini synlady.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti uçuşyny dowam edip, Aşgabadyň demirgazyk künjegindäki desgalar toplumyny, iri “Parahat” ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan işler soňra bolsa Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.