logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Agriculture /Senagat akyndy suwlaryny arassalamagyň biologiki usullary
  27.10.2023
905
Senagat akyndy suwlaryny arassalamagyň biologiki usullary

Senagat akyndy suwlaryny dürli organiki we organiki däl maddalardan arassalamak üçin himiki, fiziki we fiziki-himiki usullar bilen bir hatarda biologiki usullary hem ulanylýar. Munda adyndan belli bolşy ýaly, akyndy suwdaky zyýanlymaddalar mikrojandarlar bolan bakterialaryň kömegi bilen arassalanýar. Munuň üçin ýörite öndürilip ýetişdirilýän bakterialaryň maşgalalary ulanylýar. Meselem: nitritleri, kükürdi, metany, wodorody iýdirmek üçin bakterialaryň Pseudomonadaceae maşgalalary ulanylýar. Akyndy suwlary fenollardan, aldegidlerden, aromatik birleşmelerden we şoňa meňzeşlerden arassalamak üçin bolsa bakterialaryň meselem: Pseudomonos maşgalasynyň görnüşleri ulanylýar. Biologik usullaryň beýleki usullara garanyňda birnäçe artykmaçlyklary bar.

 


Käbir bakterialaryň işleýiş, ýagny olaryň zyýanly maddalary okislendirmesi goşmaça kislorodyň berilmegini talap edýär. Bular ýaly mikro-organizmler aýerob mikroorganizmleri-mikroblary diýilýär. Käbir fakterial bolsa, kislorod talap etmän işleýär. Olara anaýerob bakterialary diýilýär. Bakterialaryň suwdaky zyýanly maddalary okislendirip-iýip emele getirýän massasyna “il” diýilýär (läbik), ýa-da bioplýonka diýilýär. Aýerob bakterialaryny ulanmak arkaly geçirilýän prossesiň desgasyna “aýerotenk” diýilýär. Aýerotenklerde suw ýörite howa berlip durulýar we emele gelýän ul äkidilip gaýtadan işlenilýär, onuň bir bölegi bolsa yzyna gaýtarylyp gaýtadan ulanylýar. Bakterialar bolsa häli-şindi ösdürilip-ýetişdirilip üsti doldyrylyp durulýar. Ýöne käbir bakterialar akyndy suwda oňa nätanyş zyýanly madda düşende bir bada ony okislendirip bilmeýär. Sebäbi bakterianyň şol maddy ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşmagy gerek. Ýöne soňra olary hem okislendirýär. Şeýle hem akyndy suwlarda bar bolan käbir organiki däl maddalar, şeýle hem elementler, bakterial tarapyndan ile geçirilýär. Meselem: demir, mis, marganes we ş.m. Diýmek bakterialaryň kömegi bilen akyndy suwdaky käbir gymmatly elementleri çykaryp almak mümkin.

 


Ýagşymyrat Gökbaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.