logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
  30.03.2026
305
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlar boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy aşakdaky ýalydyr:

 

- täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,14%;

- Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 92,26%;

- welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,47%;

- etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,06%;

- geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,20% ses berdi.

 

TDH.