Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Sary reňkli ýa-da Ysraýyl pomelosy
  27.04.2023
625
Sary reňkli ýa-da Ysraýyl pomelosy

Gündelik durmuşda köp ulanylýan sitrus miwelerinden biri-de pomelodyr. Adatça onuň reňki gyzylymtyl boluň, sary reňklisi hem bar, ol hem Ysraýylda ýetişdirilýär. Ysraýyl pomelosy adaty pomelodan başgaça reňklenýär: sary-ýaşyl reňkli daşky gabygy we açyk sary reňkli etlek bölegi bar. Ululygy hem adatydan biraz tapawutlanyp biler. Ýüz ýyldan gowrak ozal pomelo söwdagärler tarapyndan Ysraýyla getirildi we çaknyşdyrylyp bu reňkli görnüşi alyndy. Rehowot şäheriniň golaýynda ekilen sary reňkli pomelo agaçlarynyň giň meýdany bar.

Käbir alyjylar üçin henizem Ysraýyl pomelosy nätanyş bolmagynda galýar. Peýdaly häsiýetlerinde bir miwäniň takmynan 200-250 kaloriýa eýedigine garamazdan, glisemiki görkezijisi pesdir: hatda süýji keseli bolanlar hem ony iýip biler. Pomelo C witamine, beta-karotine, fosfor we kaliý ýaly elementlere baýdyr. Efir ýaglarynyň, antioksidantlaryň we askorbin kislotasynyň köp mukdary bar. Ysraýyl pomelosy bedende kesellere garşy göreşýän witaminleriň çeşmesidir. Bu häsiýetleri arkaly pomelo köplenç sowuklamany bejermekde ulanylýar, antiseptik häsiýetlere we immunitet ulgamyny güýçlendirmek ukybyna eýe. Pomelo şiresi erkin radikallaryň täsirini azaldýan flawonoidlere baýdyr. Bular bedeniň garramagyna sebäp bolýan öýjüklerdir. Agramy azaltmak we berhiz üçin gowy önüm. Etlek bölegi iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly täsir edýär: toksinlere garşy göreşýär, belogyň bölünmegini gowulandyrýar we içegeleri arassalaýar. Bu miwe örän şireli, suwsuzlygy we açlygy gaty gowy sazlaýar.

Miwäni sowadyjyda we otag temperaturasynda saklap bilersiňiz. Pomelony uzak wagtlap saklamak üçin diňe kagyz ýa-da pergament bilen örtmek gerek. Şeýle ýagdaýda bir aýlap hem saklap bolýar. Arassalanan görnüşde, 2-3 günden soň erbetleşip başlaýar.

Ysraýyl pomelosy terligine iýilýär. Elbetde, ondan suwy gysyp alyp bilersiňiz. Dürli işdäaçarlary, süýjülikleri pomelodan taýýarlap bolýar, hatda etli tagamlara hem goşup bolýar. Ysraýyl pomelosy köplenç Aziýa aşhanasynyň köp peýdalanylýan önümidir. Ýagny ol esasan hem Aziýa tagamlaryna mahsus nusgawy birleşme. Umuman, Ysraýyl pomelosy adaty pomelo ýaly azyklyk, dermanlyk, gözellik serişdesi hökmünde köptaraplaýyn peýdaly häsiýetleri bilen diýseň ähmiýetli sitrus miwesidir. 

 

Zulfiýa GENJIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.