logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Culture /Sarahs babanyň kümmeti we Sarahs galasy
  21.04.2021
927
Sarahs babanyň kümmeti we Sarahs galasy

     XIX asyry Ýadygärligiň taryhy: Sarahs Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen adybir welaýatyň merkezi şäheri bolupdyr. Bu ýere ilat eneolit döwründe (b.e.o. IV m.ý.) göçüp gelip başlapdyr. B.e.o. I m.ý. ortasynda köne Sarahs şäherjiginiň ýerinde ilkinji obalar peýda bolupdyr. B.e.o. II m.ý. Sarahs Parfýan döwletiniň düzümine giripdir we Siraken diýen ady alypdyr, ol syýasy we ykdysady taýdan Merwe tabyn bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol wagt Beýik ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň biriniň ugry üýtgeýär, şondan soň ol Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapura baryp ýetýär, ondan aňryk bolsa Sarahsyň üsti bilen Merwe we gündogara tarap gidýär. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Şähristanyň 300-400 metr töwereginde, esasan, önümçilik mähelleleri ýerleşdirilipdir. Dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Sarahsyň ussalarynyň şöhrady Orta Aziýa we Eýrana ýaýrapdyr, muňa Sarahsyň çäklerinden daşarda gurlan ymaratlar şaýatlyk edýär. Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýynda, Merwdäki Soltan Sanjaryň äremgähinde, Jar-Gürgendäki münberde Sarahsly ussalaryň atlary saklanyp galypdyr. Sarahsyň ussalarynyň aýdyň eserleriniň biri halkyň arasynda “Sarahs babanyň mawzoleýi” diýlip atlandyrylan Abul Fazlyň äremgähidir. Ol 1023-nji ýylda aradan çykan musulman akyldary Abul Fazylyň Sarahs şäheriniň etegindäki mazarynyň üstünde XI asyrda bina edilipdir.