logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Technology /Sanly ulgamy ösdürmek - ykdysadyýetiň möhüm ugry
  26.10.2023
871
Sanly ulgamy ösdürmek - ykdysadyýetiň möhüm ugry

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň in­nowa­si­ýa ug­ru­ny ös­dür­mekde, tä­ze pu­dak­la­ry dö­retmek­de, içer­ki ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan bäs­leş­li­ge ukyp­ly dür­li önüm­le­riň özü­miz­de ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyrmak­da hem-de eks­port ugur­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­de hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na uly ähmi­ýet­li orun de­giş­li­dir. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sat te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zyň re­je­li hem-de ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Stra­te­gik taý­dan mö­hüm äh­mi­ýet­li bu we­zi­pe­ler, diňe bir çig ma­ly çy­kar­ma­gy däl, içer­ki hem-de da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­le­ge eýe bo­lan ýo­ka­ry hil­li dür­li önüm­le­ri ön­dür­mä­ge müm­kinçi­lik ber­ýän yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry esa­syn­da çig ma­lyň düýp­li gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi­ni hem öz içi­ne al­ýar.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak — dünýä ösüşiniň esasy şerti. Ol biziň gündelik durmuşymyza we hünär işimize barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýlelikde, biziň öňümizde bu ýagdaýlary has-da işjeňleşdirmek meseleleri durýar. «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda ylmy hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

 

 

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň ýaly köptaraplaýyn maksatnamalaryň esasynda jemgyýetiň aň-bilim we döredijilik mümkinçilikleri ýokarlanýar. Ýaş alymlary hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda uly ösüşler gazanylýar.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

 

Röwşen ATAÝEW,
TÜrkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
2-nji ýyl talyby.