logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgam bilen üstünliklere tarap
  14.03.2025
1575
Sanly ulgam bilen üstünliklere tarap

Sanly öwrülişik XXI asyryň başyndan bäri dünýä ykdysadyýetini çalt depginde özgerdýär we ýurduň hojalyk durmuşyna möhüm täsir edýär. Tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy işewürlikde we ýaşaýyşda öňegidişliklere sebäp bolýar. Türkmenistanda «Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» çäklerinde ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin birnäçe möhüm maksatnamalar kabul edilýär.

 

Sanly ykdysadyýet, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan işjeňlikdir we bu işjeňlik diňe ykdysadyýetde däl, eýsem jemgyýetçilik, adamlaryň özüni alyp barşy we dünýägaraýşy ýaly ugurlarda-da özgerişlere sebäp bolýar. Ýurtda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, howpsuzlygy üpjün etmek we sanly hyzmatlary hödürlemek maksady bilen möhüm işler alnyp barylýar. Şeýle-de, sanly ulgamyň arzyly peýdalary, elektron tölegler, onlaýn söwda, uzak aralykdan okuwlar ýaly tehnologiýalaryň durmuşyň dürli ugurlaryna täsir etmegi, adamlara amatly şertler döredýär.

 

Bu öwrülişikleriň netijesinde, sanly ykdysadyýete geçmek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze mümkinçilikleri açyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, täze bazarlaryň we dolandyryş usullarynyň döremegine mümkinçilik döredýär.

 

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

 

Amandursun MÄLIKOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.