logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Şanly toýum Garaşsyzlyk
  25.09.2020
847
Şanly toýum Garaşsyzlyk

Geldi ajap ilime,

Şanly toýum Garaşsyzlyk,

Ýalkym saçdy giň ýoluma

Ajap bagtym Garaşsyzlyk.

 

Bagtly ýurdum bagta ýardyr

Türkmen halkym bagtyýardyr,

Gül watanda ygtyýardyr

Täji tagtym Garaşsyzlyk.

 

Toý toýlaýar toýly mekan

Ýaňlanyp dur müňläp mukam,

Watanymdyr synmaz arkam

Ýurt zynatym Garaşsyzlyk.

 

Halklar içre zyýat adyň

Togtamasyn bedew badyň,

Kuwwatym sen şan şöhratym

Sen bagyt atym Garaşsyzlyk.