Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim ulgamy – kämilligiň gönezligi
  16.05.2023
574
Sanly bilim ulgamy – kämilligiň gönezligi

Arkadagly Serdarymyzyň dünýäniň sanly ulgamlar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan giň möçberli wezipesi sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri geçirmekden ybaratdyr. Bu wezipelerden ugur almak bilen, häzirki döwürde ylmy barlaglaryň obýektleýin giňişliklerinde, halk hojalygynyň dürli derejeli akymlar bilen baglanyşykly pudaklarynda giňden ornaşan, oňyn netijeleri berýän sanly tehnologiýalaryň biri bolan geomaglumat ulgamlary milli bilimde innowasion çemeleşmeleriň mysaly bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda adamzat maglumatlaryň elýeterliliginden, sanly hyzmatlardan, çäklendirilmedik aragatnaşygyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Ähli innowasiýalaryň özeni bolan bilim ulgamy häzirki zaman ykdysadyýetiniň güýçli depginlerde ösüşini üpjün etmegiň geljekde öňde duran maksatlaryny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. Bu şertleri göz öňünde tutmak bilen, ýurdumyzda bilim işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we IT-bilimini kämilleşdirmek babatda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Sanlylaşdyrma adamzat durmuşynyň sosial paradigmasyny üýtgedýär, bilim almak we hünäri kämilleşdirmek, talyplaryň gözýetimini giňeltmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalar diňe bir gural bolman, eýsem barlyk gurşawydyr, ol islendik amatly wagtda öwrenmek, üznüksiz bilim almak, aýratyn bilim ugurlaryny taslamak, elektron resurslary sarp edijilerden döredijileriň hataryna geçirmek ýaly täze mümkinçilikleri açýar.

Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy gündelik guralýan sapaklaryň hilini ýokarlandyrmaga, öwrenilýän sapaklaryň mazmunyny doly derejede ýüze çykarmaga, geljekki hünärmenleriň iş ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň abadançylygy, ýokary ukyp-başarnykly ýaşlary taýýarlap ýetişdirmek ugrunda berýän goldawy, taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. 

 

Žemal ILHANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.