Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim ösüşiň nurana ýolunda
  29.05.2023
469
Sanly bilim ösüşiň nurana ýolunda

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Arkadagly Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len eziz ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my tä­ze-täze, döwrebap ösüş­le­re beslenýär. Bilim ul­ga­mynyň işi­ni has-da täze hil derejä çykarmak, ýokary de­re­je­de gu­ra­mak, kämil serişdeleri, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giňden or­naş­dyr­mak giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda ýaş­ nesillere be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­magy mil­li ýörelgeleri we ösen dünýä tejribesini utgaşdyrmak arkaly çözmeklik ýola goýulýar. Döwrüň zerur talaby bolan san­ly bi­lim ul­ga­my­na geç­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler amal edilýär. Ýur­du­myz­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­syny dur­mu­şa ge­çi­rmegiň çäklerinde bi­lim ul­ga­my­ny sanlylaşdyrmak netijeli häsiýete eýedir. San­ly bi­li­mi ös­dür­mek işinde bu ugurda zäh­met çek­ýän  hü­när­men­le­riň hä­zir­ki za­man enjamlaryndan, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan baş çy­kar­mak­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy aýdyň hakykat. Ata Watany­my­zyň bi­lim ojaklarynyň, degişli eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len yzygiderli üp­jün edil­me­gi, hünärmenleriň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi zerurdyr. Şeý­le-de san­ly bi­lim ul­ga­my­nda sanly bilim portalynyň, tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­giniň ýaşlar tarapyndan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­magy guwandyryjy ýagdaýdyr. Elekt­ron resminama, elekt­ron penjire, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, dürli ugurly bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, degişli okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýän sanly ulgam netijeli bilime ýol açýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­lim ba­bat­da halkara hyz­mat­daş­lygyň pugtalandyrylmagyna, dünýäniň abraýly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ramaga şert döredýär. San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni giň­den şöh­le­len­dir­mek­de oňyn esas bolup çykyş edýär. Ýaş­la­ryň bi­li­mi­ne, aň-düşünjesine, ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän dö­wür­de ola­ryň oňat bi­lim al­mak­la­ry üçin ze­rur şert­le­riň äh­li­si dö­re­dil­megi o­la­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­si bol­ma­gy, asylly hä­si­ýet­ler­de ter­bi­ýe­len­me­gi ba­ra­da­ky ala­danyň düýp özenini düzýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan giň möçberli döw­let de­re­je­sin­dä­ki uly tagallalary ar­ka­ly bag­ty­ýar­ döw­rü­mi­zde ne­sil ter­bi­ýe­si­ni be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­me­gi we ony baş we­zi­pe edip goý­ma­gy ýaş­lar­da ru­hy-ah­lak kä­mil­li­gi kemala getirýär. 

 

Maral ŞAMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.