logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Agriculture /«Sakarçäge» düýedarçylyk hojalygy müňe golaý sagdyn köşek almagy meýilleşdirýär
  11.01.2023
2150
«Sakarçäge» düýedarçylyk hojalygy müňe golaý sagdyn köşek almagy meýilleşdirýär

2022-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemlän Mary welaýatynyň maldarlary jemgyýetçilik mallaryny gyşdan başbitin, orta we ýokary semizlikde alyp çykmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Göreldeli çopanlaryň hatarynda Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» düýedarçylyk hojalygynyň sarwanlarynyň atlarynyň hem ýygy-ýygydan agzalýandygy ýörite bellärliklidir.

Kärendeçi çopan toparlarynyň 21-sini özünde jemleýän bu hojalyk her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem düýelerden köp önüm almak, olary göwnejaý gyşlatmak ýaly derwaýys meselelere aýratyn uly üns berip, medeni zonadan has uzaklardaky öri meýdanlarynda edermenlikli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. 1 müň 230 tonna iri baldakly ot, 230 tonna ýorunja bedesini, 166 tonna arpa taýýarlap, bol ot-iým goruny döreden, düýeleri orta we ýokary semizlikde bakyp, gyşdan başbitin alyp çykmagy maksat edinen maldarlaryň saýlap alan Şyhmansur, Hanguýy, Galandar ýaly öri meýdanlary bolsa, sazak, çerkez, ýandak ýaly ösümlikleriň, ot-çöpleriň bol biten ýeri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, aňzakly gyş pasly üçin gerek boljak ot-iým gorunyň berk binýadynyň tomus-güýz aýlarynda pugta tutulmagy, üstesine-de, gyşda düýeleriň ot-çöplere bol öri meýdanlarynda yhlas bilen bakylmagy mallara möwsümde garaşyk etmäge mümkinçilik döredýär.

Maldarçylyk hojalygynda şu günki gün 2904 baş düýe bar. Ýöne bu sanyň ýakyn günlerde artyp başlajakdygyny hem guwanç bilen aýdasymyz gelýär. Çünki köşek almak möwsümi hem indi ol diýen uzakda däl. Sarwanlar bu jogapkärli möwsümi hem hemmetaraplaýyn taýýarlykly garşylamak üçin zerur bolan çäreleri görüpdirler. Hojalyk nobatdaky möwsümde 700-e golaý sagdyn köşek almagy meýilleşdirýär. Munuň üçin çopan toparlary jogapkärli möwsümde özara bäsleşik esasynda zähmet çekýärler.