logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Şahyr Bahargül Kerimowa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
  15.10.2023
672
Şahyr Bahargül Kerimowa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky Maýa Kulyýewanyň muzeýinde Sazyň taryhy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülzada Bazarowanyň guramagynda ençeme goşgyly kitaplaryň awtory, halypa şahyr zenan Bahargül Kerimowa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen edebiýatyny, şygryýetini söýüji konserwatoriýamyzyň mugallymlary, talyplary uly höwes bilen gatnaşdylar.

 

 

Döredijilik duşuşygynyň başynda konserwatoriýanyň Bagşyçylyk sungaty hünäriniň talyby Akjemal Halmyradowa halypasy Mähri Hojaýewa bilen bilelikde mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna, şahyr Bahargül Kerimowanyň goşgusyna ýazylan “Türkmen düzüm” atly  aýdymy ýerine ýetirdiler.

 

 

Söhbetdeşligiň dowamynda Bahargül Kerimowa özüniň döredijilik ýolundan şeýleräk gürrüň berdi: “Kompozitorlar birleşiginde maňada işlemek nesip etdi. Şol ýerde Nury Halmämmedow, Aşyr Kulyýew, Çary Nurymow, Durdy Nuryýew, Rejep Allaýarow dagylar hem bardy. Şol döwürde Kerim agada (Gurbannepesow) kän barýardy. Nury Halmämmedow bir gün maňa şeýle ýüzlendi: Bahargül sen goşgy ýazýan ekeniňä, ana Gurbannazar Ezizow aýtdy, gazetda goşgyňy görüpdir, sen bize goşgularyňdan ber, aýdym ýazaly - diýipdi, menem goşgularymdan iki sanysyny beripdim. Şol beren goşgularyma Rejep Rejepow aýdym döretdi.  Iki sany zehiniň arasynda meniň goşgularym bitdi-de,  şeýdip aýdym bolup halkymyzyň kalbyna ornady. Şolar ýaly gowy adamlar bilen işleşenime diýseň begenýän, özümi bagtly saýýan”.

 

 

Soňra  Bahargül Kerimowanyň sözlerine, Rejep Rejepowyň sazyna ýazylan “ Deňeýän” atly aýdymy  konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Maýsa Myradowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda zenan şahyrymyz Bahargül Kerimowa talyplaryň, ýaş mugallymlaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi, olar bilen söhbetdeş boldy, döredijilik ýolundan gyzykly gürrüňleri biziň bilen paýlaşdy, ýaş talyplara birnäçe maslahatlary berdi. Şeýle-de talyplar Bahargül Kerimowanyň birnäçe goşgularyndan labyzly okap berdiler.

 

 

Şahyr halypamyz döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Kerim Gurbannepesowyň bir goşgusyny, hem-de söýgi temasynda ýazan  öz goşgusyndan birini okap berdi. Bahargül Kerimowa bilen geçirilen döredijilik duşuşugy diýseň gyzykly geçdi we bizde uly täsir galdyrdy.

Ogulnur SULTANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň “ Sazşynaslyk”
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.