logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦
Baş sahypa / Sport /SAGDYN IÝMITLENMEK SAGLYGYŇ GIREWIDIR
  22.02.2021
889
SAGDYN IÝMITLENMEK SAGLYGYŇ GIREWIDIR

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda adam hakynda edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça ilat arasynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek şeýle-de howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany dakynmak, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

        Saglygy berkitmek üçin witaminlere baý bolan gök-önümleri we miweleri iýmek saglygy berkitmegiň iň esasy ugurlarynyň biri bolup, şu maksat bilen hem gündelik iýmitde bedeniň kesele garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin, jana ýokumly ýagny limon we bal garylan çaý içmeklik peýdaly bolup durýar. Limonda C witamininiň adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan möçberiniň üçden bir bölegi saklanýar. Limon P witaminine hem baý bolup, ol bedeniň dürli infeksiýalara garşy göreşmegini üpjün edýär. Onuň düzümindäki kaliý  süňkleri pugtalandyrýar, ýüregiň işine oňaýly täsir edýär, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýär. Limon antiseptiki häsiýeti bilen belli bolup, limon goşulan suwa agzyňy çaýkamaklyk peýdalydyr.

        Limon satyn alynanda ilki onuň daşyna üns bermelidir, ýagny limonyň gabygynda hiç hili goňur tegmiller bolmaly däldir. Galyň gabykly limonyň saglyga peýdasy has ulydyr.

        Sitrus miwesi bolan limonyň saglyga peýdaly taraplaryny göz öňünde tutmak bilen gündelik iýmitiň düzüminde ondan peýdalanmak saglygy aýawly saklamaklygyň esasy girewidir.