logo

Latest news:
✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦
Home / Sports /SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH
  20.10.2019
971
SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH

    Änew şäherindäki  sport mekdebinde “Sport — sagdyn jemgyýetiň hemrasy” diýen şygar astynda ýaryş  geçirildi.  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň, welaýat Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň  bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa 2005 — 2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekler gatnaşdy. Bu ýaryş  ýaşlary sport-sagaldyş hereketine, köpçülikleýin bedenterbiýä giňden çekmekden, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmakdan ybarat boldy.

    Sportuň woleýbol, basketbol, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşda özleriniň sport ussatlygyny we ukyp-başarnygyny görkezmäge höwes edenler köp boldy. Welaýatymyzyň etraplaryndan gelen ýaş futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar sport janköýerlerinden uly gyzyklanma döretdi. Futbol ýaryşynda Tejen şäheriniň topary garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýeňiji bolmagy başardy.

   Woleýbol ýaryşynda Bäherden we Babadaýhan etraplarynyň toparlarynyň özara duşuşygy ýeňijini kesgitledi. Onda bäherdenli türgenlere şowlulyk ýaran boldy. Basketbolda toparlaryň birnäçesi özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardy. Onuň netijesinde Tejen şäherinden gelen topar üstün çykdy. Stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşyna her etrapdan hem-de Tejen şäherinden  türgenleriň birnäçesi ukyp-başarnygyny görkezdi. Onda Tejen etrabyndan gelen tennisçilere taý tapylan bolmady.

    “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.