logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Rumyniýada Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi
  18.02.2026
249
Rumyniýada Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygaryna hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Bu dabara Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary hem-de watandaşlarymyz gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berildi.

 

Çäräniň dowamynda 2026-njy ýylyň degişli şygar bilen atlandyrylmagynyň ýurdumyzyň taryhy ösüş ýolunyň dowamlylygyny, milli mirasa sarpa goýulýandygyny hem-de parahatçylykly, durnukly ösüş ýörelgesine ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigi bellenildi. Şeýle-de döwletliligiň nyşany hökmünde türkmen bedewiniň aýratyn ähmiýeti, milli däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň dowamlylygy nygtaldy.

 

Çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik bitaraplyk derejesine, netijeli halkara hyzmatdaşlygyna hem-de sebit we ählumumy derejede ynanyşmaga esaslanýandygyny bellediler. Şeýle çemeleşmäniň çäklerinde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek ugrunda öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

 

Bu çäre gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň şygary hem-de diplomatik işgärleriň hünär baýramy bilen baglylykda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik döretdi.

 

Maýa Gurdowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.