Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen. Ajaýyp zamanamyz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezäp, kalplara buýsanç duýgusyny paýlan möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bardyr.
Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir.
Dürli kärdäki raýatlaryň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän çözgütleriň kabul edilmegi ösüşlerimizi dowamata atarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryny täze taryhy döwrümizde baş ýörelge edinip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyz esasynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär». Elbetde, maslahatlaşylyp edilýän işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan baý tejribe aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka geňeşmek nesilbaşymyz Oguz handan başlap, ähli parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir.
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.