logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Agriculture /Rowaçlanýan pudagyň işleri ileri
  19.12.2022
790
Rowaçlanýan pudagyň işleri ileri

Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen döwlet syýasaty oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalygyny we toplumyň beýleki pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreler yzygider amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň netijesinde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ägirt uly üstünlik gazanylýar. Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balaryçylyk ýaly ugurlary sazlaşykly ösdürilýär. Ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tarp ýerleri özleşdirmek, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk ylmyny, tohumçylyk işlerini ösdürmeklige gönükdirilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnikalary we enjamlary satyn alynýar. Önümleriň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, mineral dökünleriň, himiki serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilmegi, önüm öndürijileriniň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi oňyn netijelerini eçilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça azyk bolçulygyny üpjün etmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm wezipä öwrüldi. Ähli welaýatlarymyzda azyk üpjünçiligini ýola goýýan iri maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary gurulýar. Ýylyň islendik möwsüminde dürli miweleri, gök önümleri ösdürip ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalar ilatymyzy ter önümler bilen yzygider üpjün edýär. Obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň amala aşyrylmagyny öz içine alýar. Umuman, şeýle işleriň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň eziz Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hasabyna içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de pudagyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, mähriban halkymyzyň abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagy babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. 

 

Gülbahar GARRYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.