logo

Latest news:
✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦
Home / Politics /Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
  27.02.2026
373
Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berdi.

 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar maliýe we maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Ministr R.Meredow Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şol sanda abraýly maliýe institutlary hem-de bank-karz guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm ugur bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýandygy aýratyn bellenildi.

 

Öz gezeginde, Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

 

Duşuşykda Halkara Gündogar–Günbatar ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bu ugur boýunça bank tarapyndan hödürlenjek anyk başlangyçlara seretmäge taýýardygyny mälim etdi.

 

Şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi görkezildi. Durnukly energetika boýunça amala aşyrylýan taslamalara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

 

Duşuşygyň jeminde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.