logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Culture /Pyragynyň şygyrlary ilkinji gezek italýan diline terjime ediler
  24.01.2023
830
Pyragynyň şygyrlary ilkinji gezek italýan diline terjime ediler

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary italýan diline terjime edilip, kitap görnüşinde köpçülige ýetiriler. Neşiri taýýarlamak bilen bagly meseleler golaýda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekowyň ýurduň «Sandro Teti» neşirýat öýüniň esaslandyryjysy we baş direktory Sandro Teti hem-de türki dilleri öwreniji professor Federiko De Rensi bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jenap Sandro Teti türkmen diplomatyna goşgulary terjime etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berip, türkmen halkynyň görnükli filosofy Magtymguly Pyragynyň italýan dilindäki şygyrlary jemlenen ilkinji neşiri taýýarlamagyň türki dilleri öwreniji italýan alymlary üçin uly hormatdygyny nygtady. Olar Gündogaryň akyldar şahyrynyň doglan gününiň giňden dabaralandyryljak ýylynda köpçülige ýetiriljek bu neşiriň italýan okyjylaryny türkmen halkynyň baý medeniýeti, özboluşlylyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda ygtybarly gollanma öwrüljekdigine ynam bildirdiler.