logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
  31.03.2023
1516
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

30-njy martda Seul şäherinde, Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu halkara ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Seulda geçirilýän çäreleriň başlangyjy boldy.

Koreýa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynda gurnalan bu ylmy-amaly maslahata döwlet edaralarynyň wekilleri, ýurtda akkreditlenen ilçihanalaryň ilçileri, ylmy jemgyýetiň wekilleri, Koreýa Respublikasy bilen ýurtlaryň arasyndaky Dostluk Assosiasiýasynyň wekilleri şeýle hem Merkezi Aziýanyň hem-de Koreýanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda türkmenleriň nusgawy, şahyrana we filosofiki mirasynyň gymmaty barada çykyşlar edildi.

Maslahata gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň koreý dilindäki goşgulary eşitdirildi we beýik şahyryň durmuşy baradaky şekilli görnüşler görkezildi. 

 

Uzukjemal ÝAZLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.