logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Agriculture /Pudagyň netijeliligini artdyrmaga uly üns berilýär
  15.06.2023
678
Pudagyň netijeliligini artdyrmaga uly üns berilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy dünýä tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgam arkaly dolandyrmagy girizmek boýunça işler netijeli ýagdaýda alnyp barylýar. Bu babatda ýaş hünärmenleriň we ýaş nesilleriň oba hojalyk bilimini we ylmyny ösdürmek, degişli ugurda maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça ösen tejribeler öwrenilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly depginde ösýändigini, azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny alamatlandyryp, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen wezipeler kesgitlenýär. Çünki oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde çykyş edýär. Bu pudagyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilip, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Sebitlerde tarp ýerleri özleşdirip, ýeralma, gök-bakja, beýleki dänelik ekinleri ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär, miweçilik, üzümçilik hojalyklarynyň sany barha artýar. Daýhançylyk işleriniň tejribesine bazar gatnaşyklaryny meýilnamalaýyn ornaşdyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek gowy netijeleri berýär. Ýer we suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlary döwrebaplaşdyrmaga, ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga üns gönükdirilýär. Önümçiligi köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, oba hojalykda sebitleýin ýöriteleşdirmegiň netijeli usullary ornaşdyrylýar. Ekerançylygyň agrotehniki taýdan kämilleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň synagdan geçirilmegine, geçirilýän çäreleriň netijeli bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň möçberlerini artdyrmaga, şonuň bilen birlikde, bäsleşige ukyply ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge, döwletimiziň azyk bolçulygyny has-da berkitmäge hem-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmaga uly mümkinçilikleri berýär. 

 

Maksat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.