Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda obasenagat toplumynyň ösdürilmegi, pudagyň barha kämilleşdirilmegi ugrunda netijeli işleriň ençemesi ýola goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine, obasenagat toplumyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzda ekerançylygy suwarmak, dürli gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek meselelerinde diýseň uly tejribe toplandy. Suw tygşytlaýjy kämil tehnologiýalaryň yzygider ornaşdyrylmagy, gurak ýerlerde oba hojalygy boýunça suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Pudagyň çäginde möhüm orny eýeleýän ugur hem ýüpekçilikdir. Asyrlaryň dowamynda ýüpekçilik işiniň ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilip dowam etdirilýär. Häzirki döwürde tut nahallary ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna köpçülikleýin ekilýär. Ýerlerde ýüpekçilik pudagynyň pagtaçylyk we däneçilik bilen birlikde alnyp barylýandygy hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Toplumda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak hem geljegi uly bolan ugurlardyr. Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň ähli paslynda ilaty ter gök önümler bilen üpjün edýän döwrebap ýyladyşhana toplumlary hereket edýär. Ýurdumyzda ägirt uly taslama bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi suw gorunyň ygtybarly binýadyny üpjün etmek boýunça möhüm işleriň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Bu taslama daşky gurşawa amatly täsir etmek bilen bir hatarda, sähranyň biodürlüligini üpjün edýär. «Altyn asyr» Türkmen köli diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologik taýdan hem aýratyn ähmiýetlidir. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar. Çünki bu gidrotehniki desganyň netijeli hereket etmegi oba hojalygyny ösdürmekde, tebigy baýlyklary gorap saklamakda ähmiýetlidir.
Şeýle hem pudakda oba hojalyk önümçiliginiň mehanizmleşdirilmegi we awtomatlaşdyrylmagy onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler pudakda zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze, döwrebap tehnikalary işjeň peýdalanylýar. Häzirki döwürde pudagy tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alnyp ýerine ýetirilýär.
Ogulşat SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.