logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Agriculture /Pileçiler höweslendirilýär
  19.04.2023
891
Pileçiler höweslendirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly oba-hojalygynda täze önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik özgerişlerini durmuşa geçirmäge goldaw bermek hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň kärhanalaryna zerur çig mal bolan, ýüpek gurçugyndan alynýan piläni ussat pileçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny bir kemsiz ýerine ýetirmekde Döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Pileçileriň çeken zähmetine öz şahsy goşantlaryny goşýan edermen, zähmetsöýer pileçileriň uly zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak, şeýle hem 2023-nji ýylda ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmekde ýokary netije gazanýan pileçileri höweslendirilýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri bolup,  etrabyň çägindäki pileçi kärendeçileriň iş ýerlerine aýlanyp, zähmet üstünliginiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşan ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmekde hem-de ýokary hilli bol pile önümlerini ýygnamakda göreldeli zähmet çekýän etrabyň Tejen, Agalaň, Babadaýhan daýhan birleşikleri hem-de etrabyň Jemagat hojalygy müdirliginiň pileçi kärendeçilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

 

Gurbanmyrat Jumaýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri.