logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär
  15.01.2026
420
Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär

Hytaýyň paýtagty Pekin emeli aňy milli ykdysady ösüşiň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwürmegi maksat edinip, bu ugurda täze iki ýyllyk ösüş meýilnamasyny işe girizýär. Häkimiýetleriň öňde goýýan esasy maksady şäheri diňe bir tehnologik merkez hökmünde däl, eýsem ýokary goşmaça gymmat döredýän sanly ykdysadyýetiň esasy daýanç nokadyna öwürmekdir. Meýilnama laýyklykda, Pekindäki emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa öňki çaklamalardan ep-esli ýokary bolup, emeli aňyň şäheriň umumy ykdysady gurluşynda eýelejek ornunyň barha artýandygyny görkezýär.


Resminamada emeli aňy senagat, maliýe, logistika, saglygy goraýyş we hyzmatlar ýaly hakyky ykdysady pudaklara giňden ornaşdyrmak aýratyn ähmiýet bilen bellenilýär. Şeýle çemeleşme öndürijiligi ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, ýokary hasaplaýyş kuwwatyna eýe bolan infrastrukturalaryň döredilmegi, maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak, innowasion startaplary we uly tehnologiýa kompaniýalaryny goldamak ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etjek esasy şertleriň hatarynda görkezilýär.


Pekinde güýçli hasaplaýyş klasterleriniň döredilmegi we emeli aň ugrunda täze kompaniýalaryň döremegi şäheriň maýa goýum çekijiligini has-da artdyrar. Şeýle ösüş, diňe bir ýerli bazar bilen çäklenmän, Hytaýyň bütin ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň paýynyň ýokarlanmagyna itergi berer. Umuman alanyňda, Pekiniň emeli aň boýunça täze strategiýasy häzirki zaman ykdysadyýetinde bilime, innowasiýa we tehnologiýa daýanýan ösüş modeliniň aýdyň mysaly hökmünde çykyş edýär.

Ýazjemal Gulyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň III ýyl talyby.