logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /“Parahatçylyk medeniýeti- Nowruz baýramy” atly ýaşlar festiwaly geçirildi
  19.03.2024
578
“Parahatçylyk medeniýeti- Nowruz baýramy” atly ýaşlar festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti-Nowruz baýramy” atly ýaşlar festiwaly geçirildi. Festiwaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO klublarynyň, şeýle-de Magtymguly adyndaky Tükmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agzalary bilelikde gurnadylar.

 

Festiwalyň başynda Nowruz baýramy mynasybetli türkmeniň we daşary ýurtlaryň milli tagamlarynyň sergisi guraldy. Ýaşlar festiwaly aýdym-sazly dabara bilen dowam etdi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa çykyş edip, ýaşlar festiwalyna gatnaşyjylary gyzgyn gutlady.

 

Belläp geçsek, Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi.

 

Aýgözel AŞIROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymy.