logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Politics /Parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy
  08.11.2022
896
Parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy

Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksady, döwletimiziň asuda we durnukly ösmegi üçin doly amatly daşarky şertleri döretmekden ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň binýatlyk häsiýetleri — parahatçylygy söýüjilik, işjeň parahatçylygy üpjün etmek, harby gapma-garşylyklara, birleşiklere, şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny hem-de çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýurdumyzyň öz milli bähbitlerine, dünýä bileleşiginiň uzak möhletli maksatlaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, halkara durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, kadalaşdyrylan çemeleşmeleriniň ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň daşary syýasy maksatlarynyň ählumumy ösüşiň wezipeleri, obýektiw talaplary bilen laýyk gelmegi parahatçylygy, howpsuzlygy goldamak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça köptaraplaýyn tagallalary amala aşyrmakda türkmen Bitaraplygynyň manysyny açmak üçin giň mümkinçilikleriň häsiýetini we ugruny öňünden kesgitleýär. Şunda Türkmenistan syýasy-diplomatik serişdeler, usullar arkaly halkara meselelerini çözmekde toplan tejribesine daýanýar.

Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çuň mazmunly çykyşynda: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar» diýip nygtamak bilen, daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugruny mälim etdi. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.