Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylygyň we dostlugyň Watany
  12.11.2022
495
Parahatçylygyň we dostlugyň Watany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, halkara gatnaşyklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň netijelerine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň 29 ýyllyk tejribesinde, taryh üçin uly bolmadyk döwrüň içinde ösüşe gönükdirilen umumadamzat bähbitli netijeli işler ýerine ýetirildi. Soňky on ýylyň içinde dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşip, giň gerime eýe boldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdy.

Eziz Diýarymyz 1995-nji ýylyň nur eçilýän ak gününde ak bagtyna — hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 12-nji dekabr Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamanyň kabul edilen güni hökmünde döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarymyz bolan Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz döwletimiziň asudalygyny, abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini, erkinligini üpjün edýär. Bu günki gün agzybir halkymyz Magtymguly Pyragynyň: «Türkmen ilim, eý, adamzat!, Azat il, güzer gözlär men» - diýip arzuw eden ajap döwranynyň gujagyna doldy. Biz gül Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy, berk binýatly berkarar döwletimizi, arassa asmanymyzy, genji-hazynaly topragymyzy, dertlere şypa bolan tämiz howamyzy, jana tenekar suwumyzy, şonuň ýaly-da dünýä ýüzünde agzybirlikli, dost-doganlykly gatnaşyklarymyzy, umuman, bütin adamzadyň ykbalyny ynsanperwer syýasatymyz bilen goraýarys.

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar, dünýä ýurtlarynyň ençemesinde döwletimiziň ilçihanalary we wekilhanalary işleýär. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha dabaralanýandygyny görkezýär. Eziz Watanymyz Türkmenistan dünýä ýüzünde BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, harby syýasy bileleşiklere we birleşiklere goşulyşmaýar. Şonuň ýaly-da BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryna, maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyp, bütindünýä guramasy bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm maksatnamalar bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Goý, bütin dünýämizi kalby deý aklyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, parahatçylygyň mekany bolan jan Watanymyz Türkmenistan has-da pajarlap össün! 

 

Güljahan AMANSEÝIDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.