Türkmen milli saz guraly bolan dutar — merdana halkymyzyň medeniýetiniň, aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bölegi bolup, gadymy döwürlerden bäri eziz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň, dabaralaryň, baýramçylyklaryň esasy bezegi bolup durýar. Dutar owazy – parahatçylygyň, hoşniýetliligiň hem dost-doganlygyň ebedi mukamy. Diýarymyzyň bagşy-sazandalarynyň, dessançy bagşylarynyň döredijiligi ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ajaýyp nusgasy bolup, baýramlarymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Bagşyçylyk sungatynyň ussat wekilleriniň arasynda Sary bagşynyň, Pürli Saryýewiň, meşhur Kel bagşynyň, Sahy Jepbarowyň, Mylly Täçmyradowyň atlaryny agzap geçmezlik mümkin däl. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem dutaryň ajaýyp owazy mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlylygynyň senasy bolup ýaňlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2022-nji ýylyň başynda ýaşlary milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrýan medeniýet we sungat işgärleriniň we ýaş ýerine ýetirijileriň, şeýle hem zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäginde bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly täze döredijilik bäsleşigini geçirmek kararynyň kabul edilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda medeni ugurda Türkmenistanyň BMG we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ýola goýan netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň görnükli sanawynda orun almagy bu gurama bilen hyzmatdaşlyk ulgamynda özboluşly ähmiýete eýedir, şeýle-de bu milli senedimiziň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Ýagny, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi, diňe bir medeniýet we sungat işgärleriniň däl, eýsem tutuş halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Bular bilen birlikde, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklary Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orun eýelemek bilen, «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym we saz, şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty, keşdeçilik sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň bu sanawa girizilmegi hem muny doly tassyklaýar.
Babyş ATJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.