Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy
  25.03.2024
200
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy

Bütin dünýäde ähmiýeti uly bolan şanly sene bilen adygan, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan esaslanyp «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diýlip atlandyrylan
ýylymyzda ussat şahyryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li geçirilýän çärelerdir maslahatlar baý ma­ny-maz­mun­y bilen tapawutlanýar. Magtymguly atamyzyň şygyr şalygyndan söz açmaklyk her bi­r türkmeniň kalbyny jo­şa ge­tir­ýär, döw­rü­mi­ze bo­lan buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar. 

 

Üstümizdäki ýylda akyl­dar şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li paýtagtymyzyň gözel kün­je­gin­de ýerleşýän Mag­tym­gu­ly  me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da dün­ýä bel­li akyl­dar­la­ryň heý­ke­li­niň ýer aljakdygy ýylymyza has-da uly many öwüşginini çaýýar. 

 

Her bir okyjy üçin tapylgysyz terbiýe mekdebi bolan nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry häzirki wagtda dünýä dillerine terjime edilip, dürli halkaryň ýüreklerine mäkäm ornaşandyr.  Şa­hy­ryň köp san­ly pa­ra­sat­ly söz­le­ri na­kyl­la­ra, ata­lar sö­zü­ne öw­rü­lip, gündelik durmuşda, möhüm meselelerde bada-bat seriňe dolýar. Akyldar şa­hy­ryň döredijiliginiň ag­ram­ly bö­le­gini ah­lak we ter­bi­ýe­çi­lik öwüt-ün­dew­le­ri eýeleýär. Şol ajaýyp goş­gu­la­ry­ ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çir­mek bi­ziň äh­li­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr. Şa­hy­ryň ag­zy­bir­li­ge, edep-ek­ra­ma, ah­lak aras­sa­ly­gy­na ýug­ru­lan dö­re­di­ji­li­gi türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly miras. Akyldaryň dö­re­di­ji­li­gin­den her bir ynsan özüne gerekli maslahaty alyp bil­ýär. 

 

Ýalkapberdi BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.