logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
  13.03.2024
615
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Umumadamzat şahyry hasaplanylýan akyldar Magtymguly Pyragynyň her bir sözi gymmatly miras bolup, ol bütin adamzady ýagşylyklara gönükdirmäge hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda dana şahyryň gaýtalanmajak mirasyny sarpalamaga has-da ýokary üns berilýär.

 

 

Şeýle ähmiýetli aladalar ilkinji nobatda nesil terbiýesi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň giň döredijilik älemine ser salanyňda, şahyryň adamzat durmuşynyň dürli ugurlaryna ýüzlenen temalary bilen tanyş bolýarsyň. Ol setirlerde nesilleriň kämil bilime eýe bolmagy, edep-terbiýe, görüm-görelde almagy, Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly ýokary adamkärçilik sypatlaryny özünde jemlemekleri çeperden-çeper wagyz edilýär.

 

 

Şahyryň gymmatly döredijilik mirasy asyrlaryň ýowuz synagyndan berdaşly geçip, häzirki günlerde bütin adamzadyň ruhy dünýäsine şamçyrag bolup ýagty saçýar.

 

 

Şamuhammet JÜMMIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.