logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Pähim-paýhas ummany - Magtygmuly Pyragy
  19.01.2024
686
Pähim-paýhas ummany - Magtygmuly Pyragy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň köpasyrlyk milli mirasy, medeniýeti, sungaty, beýik şahsyýetlerimiziň bitiren işleri dünýä ýüzünde giňden dabaralanýar. “Pähim-paýhas ummany - Magtygmuly Pyragy” ýylymyzyň tutuş dowamynda dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilip geçilmegi-de bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi dana şahyryň şygyr şalygyna, gaýtalanmajak edebi mirasyna goýulýan sarpanyň ykrarnamasydyr.

 

 

Akyldaryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän agzybir, bir bitewi döwlet gurmak, abadan durmuşda ýaşamak, berkararlyk baradaky belent arzuwlarynyň wysala gowuşandygyny halkymyzyň bu günki bagtyýar durmuşynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

 

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Dana Pyragynyň ynsanpwerwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklykdyr” diýip, jaýdar belläp geçýär. Şahyr türkmen halkynyň milli döwletlilik ýörelgelerini şygyrlaryna siňdirip, halkymyza öçmejek mirasy goýup gidipdir.

 

 

Akyldar şahyrymyzyň sarpasyny Ýer ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensiin!

 

 

Rüstem ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.