logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Özbek halkynyň poeziýasynda Magtymgulynyň edebi däpleri
  08.03.2024
579
Özbek halkynyň poeziýasynda Magtymgulynyň edebi däpleri

Hemmämize mälim bolşy ýaly, türki halklary edebiýatynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy örän uly abraýa eýe şahyrdyr. Özbegistanda hem bu nusgawy şahyryň döredijiligine uly hormat goýulýar, aýratyn söýgi bilen okalýar. Garaşsyzlyk döwründe Magtymgulynyň ençeme şygyrlary özbek diline terjime edilip, okyjylara hödürlendi. Özbegistanda neşir edilen Magtymgulynyň «Iliňe bagyş eýle» atly şygyrlar ýygyndysyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanda bolan döwlet saparynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat etmegi özbek halkynyň beýik şahyra goýýan uly hormatyndan nyşandyr. Şeýle hem Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähiniň ýanynda 2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Magtymguly köçesinde şahyryň heýkeliniň oturdylmagy akyldar şahyryň döredijiligine goýulýan hormatyň näderejededigini görkezdi.

 

 

Käbir özbek şahyrlarynyň dörejiliginde Magtymgulynyň şygyrlaryna eýerip, ondan täsirlenendigini, beýik türkmen şahyrynyň däplerini özüniň döredijiliginde dowam etdirilendigini görmek bolýar. Mysal üçin, Özbegistanyň halk şahyry Halima Hudoýberdiýewanyň «Myhmandyr» ( «Mehmondir» ) atly şygry bar. Ol bu goşgusyny Magtymgulynyň şygryndan täsirlenip ýazypdyr.

 

 

Magtymgulynyň çeperçilik öwrümlerine, beýan edýän pikirlerine ýanamalar özbek şahyry Agahiniň goşgularyna-da belli bir derejede dahyllydyr. Eger Magtymguly bu dünýäniň köne saraýdygyny aýtsa,  Agahi ony köne bir hasrathana hasaplaýar. Agahynyň hem şahyryň döredijiligine ýanap ýazan goşgulary az däldir.

 

 

Bu sanawy näçe uzaltsak uzalyp gider. Jemläp aýdanymyzda akyldar şahyrymyzyň edebi däpleriniň, çeper şekilleriniň özbek, garagalpak şahyrlarynyň döredijiligine täsirini ýetirmegi, olaryň ussat şahyryň şygyrlaryna höwes bilen seretmegi Magtymgulynyň eserleriniň özbekçe, garagalpakça... we başga-da birnäçe dillerde terjimeleriniň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Ýagny, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi hem iki halkyň arasyndaky edebi gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary ösdürmekde köpri diýsek hem ýalňyşmarys.

 

 

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.